Şu ýyl “Merjen aý” hususy kärhanasynda bezeg işleri üçin 2 müň tonna golaý suw emulsiýaly reňk çykarmak göz öňünde tutulýar. Telekeçi Ýakup Işanow sekiz ýyl mundan ozal ýurtda ilkinjileriň biri bolup islegli gurluşyk serişdesini öndürip başlady. Häzirki wagtda ol bazaryň şu böleginde esasy kompaniýalaryň biridir.
Kärhanada ilkibada jaýlaryň içiniň bezeg işleri üçin reňk öndürmek, soňra bolsa binalaryň daşy, diwarlaryň we potoloklaryň tekstura bezegleri üçin akril hem-de silikon reňkleri çykarmak özleşdirildi.
Indi “Merjen aý” HK-nyň daşary ýurtlardan getirilýän şu kysmy has gymmat görnüşleriniň ornuny tutýan önümlerine gurluşyk firmalary we potratçy guramalar uly isleg bildirýärler.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän kärhanada agaç we demir gurnamalara çalmak üçin emal reňkleri öndürmäge taýýarlyk görülýär. Bu ýerde önümleri posdan goramaga we olaryň ulanylyş möhletini uzaltmaga niýetlenen 4 reňkli önüm çykarýan enjam oturdylar.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!