Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gowy tanalýan «HASAR» kompaniýasynda ýakyn wagtda çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ady belli önüm öndüriji şokolad plitkalaryny we dürli huruşly kemputlary çykarar.

«HASAR» kompaniýasynda marketing strategiýasy kämilleşdirilýär we Germaniýanyň, Italiýanyň we beýleki ýurltaryň enjamlary satyn alnyp, tehnologik döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär. Häzirki wagtda aşgabatly konditerler alyjylara önümleriň 100-e golaý görnüşini teklip edýärler. Şokoladlaryň, miweli we süýtli huruşly süýjileriň, kökeleriň, goýy şerbet bilen örtülen waflileriň we wafli tortlarynyň, marmeladyň onlarça görnüşleriniň önümçiligi özleşdirildi. Şu ýyl kärhanada çykarylýan şokoladly kemputlaryň görnüşleri artdyryldy, ýüzüne şokolad çalnan kokos huruşly batonjyklaryň synag tapgyry öndürildi. Hünärmenler wafli önümlerini çykarýan enjamyň üstüni olary gaplaýjy öňdebaryjy enjamlar toplumy bilen ýetirdiler.

Türkmen konditerleriniň önümleri dünýä ýurtlarynyň onlarçasyna ugradylýar. «HASAR» kompaniýasynyň önümleri Owganystanda, Eýranda, Yrakda, Pakistanda, Gazagystanda, Russiýa Federasiýasynda, Hytaýda, arap ýurtlarynda islegli harytlardyr. Türkmen konditerleriniň önümleriniň şeýle meşhurlyk gazanmagy ýöne ýerden däldir. «HASAR» öz pudagynda öňdebaryjy kompaniýadyr. Onuň önümleri hil menejmentiniň ISO 9001 ölçeglerine laýyklygy we azyk howpsuzlygyna laýyklygy barada ISO 22000 halkara sertifikatlaryna, şeýle hem Halal Worldwide Standard ölçegine laýyklygy barada sertifikata mynasyp boldy.

www.turkmenistan.gov.tm