Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gowy tanalýan «HASAR» kompaniýasynda ýakyn wagtda çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ady belli önüm öndüriji şokolad plitkalaryny we dürli huruşly kemputlary çykarar.

«HASAR» kompaniýasynda marketing strategiýasy kämilleşdirilýär we Germaniýanyň, Italiýanyň we beýleki ýurltaryň enjamlary satyn alnyp, tehnologik döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär. Häzirki wagtda aşgabatly konditerler alyjylara önümleriň 100-e golaý görnüşini teklip edýärler. Şokoladlaryň, miweli we süýtli huruşly süýjileriň, kökeleriň, goýy şerbet bilen örtülen waflileriň we wafli tortlarynyň, marmeladyň onlarça görnüşleriniň önümçiligi özleşdirildi.

Gaplanylan gök önümleri, maýonez we üwmeç öndürmeklige ýörüteleşdirilen «NUR» kompaniýasy şu ýyl çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmegi hem-de ýerli çig maldan taýýarlanylýan önümleriň satuwyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Owadan ülke” kärhanasynda maýonezi we üwmeji wakuumly plastiki gaplara gaplayjy enjam oturdyldy. Günde bu önümleriň on tonna golaýy wakuumly paketlere gaplanylýar. Plastiki gaplara we çüýşe bankalara hem şonça önüm gaplanylýar.
«NUR» söwda belgisi bilen maýoneziň düzümi we ýaglylygy babatda tapawutlanýan birnäçe görnüşi çykarylýar. Ýakyn wagtda şehde jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin maýonezi we üwmeji bir gezek ulanylýan gaplara gaplaýan enjam oturtmak göz öňünde tutulýar. Täze tehnologiýalaryň ulanylmagy gaplanylýan gök önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Täze möwsümde telekeçiler alyjylara uzak möhletleýin saklanylýan önümleriň 20-ä golaý görnüşini teklip ederler. Kärhananyň marinada ýatyrylan hyýarlarydyr pomidorlaryndan başga-da ýörüteleşdirilen hususy hojalyklarda ýetişdirilen we ýurdumyzda öndürilen çüýşe gaplara gaplanan gowrulan badamjan, ajika hem-de burç goýaltmasy söwda nokatlaryna gowşar.

www.turkmenistan.gov.tm

Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenabadyň himiýa zawody polietilen turbalaryň öndürilişini ep-esli artdyrdy. Ýanwar-fewral aýlarynda 20 müň tonna golaý önüm öndürildi, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür. Şunda Gyýanlyda polimer toplumynyň işe girizilmeginiň ähmiýeti uly boldy, ol ýerden himiýa zawodyna giňişleýin ulanylýan polietilen turbalary çykarmak üçin çig mal gelip gowuşýar.

Häzirki wagda 1400 adamdan gowrak işgäri bolan kärhanada şeýle hem fosfor mineral dökünleri, kükürt kislotasy, agyz suwuny arassalamak üçin kükürtturşuly alýuminiý, tehniki we lukmançylyk kislorody, suwuk aýna we beýleki önümler çykarylýar.

Ýakyn ýyllarda zawodyň önümçilik düzümleriniň üsti ýetiriler. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni dolulygyna ulanmaga bermek şerti bilen toplumlaýyn mineral dökünleri öndürmek boýunça enjamyň taslamasyny taýýarlamaga we gurmaga halkara bäsleşigini yglan etdi. Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosfor dökünlerini çykarmak boýunça sehiň gurluşygynyň meseleleri golaýda türkmen wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

www.turkmenistan.gov.tm

Maldarçylyk toplumy Gökdepe etrabynda ýerleşen, ýurtda belli süýt öndüriji «Sahabatly» hojalyk jemgyýetinde sagylýan sygyrlaryň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.
TSTB-niň agzasy, telekeçi Orazgeldi Anzarowyň aýtmagyna görä, golştin tohumly mallaryň 400-sini satyn almak barada awstriýaly fermerler bilen şertnama baglaşyldy. Şunda hojalykda naýbaşy tohumly gara malyň baş sany bäş ýüzden geçer. Mundan başga-da, dowarlaryň 1000-sini, şol sanda zane tohumly geçileriň 350-sini saklamak üçin şert döredilen.
Telekeçi Orazgeldi Anzarow ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri maldarçylykda işläp gelýär. Daýhan hojalygyndan 300 gara mally sygyr ýatagyny we ot-iým ýetişdirmek üçin birnäçe ýüz gektar ýeri kärendesine alyp, ol öz ilkinji telekeçilik meýilnamasyny durmuşa geçirip başlady. Hususy kiçi zawody günde 300-400 litr süýdi gaýtadan işleýärdi. Häzirki wagtda bu ýerde et-süýt berýän sygyrlaryň müňe golaýy bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanda X Halkara gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, bu däp bolan ýöriteleşdirilen forumyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň pudaklaýyn düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, gaýtadan işleýän, şol sanda gaz senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak, ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümi çykarmak boýunça strategiýany durmuşa geçirýär.
Maslahatyň barşynda milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe möhüm tabşyryklary berdi. Hususan-da, X Halkara gaz kongresini guramagyň we geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Bu kongres öňdebaryjy tejribäni alyşmak, dünýäniň esasy maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrülmelidir.
Häzirki wagtda şu ýylyň 21 — 22-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýubileý forumy guraýjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, Halkara gaz kongresine işjeň taýýarlyk görýärler.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!